SERGI STENDLERI

Mahabatyň iň täsirli tehnologik täri görkezme maglumaty bermek bolupdy we bolmagyna galýar. Görüş taýdan aň ýetirmegiň adam üçin has möhüm we wajyp bolan maglumatyň gelmeginiň esasy çeşmesi bolup durýandygyna görä, kesgitli netije çykarmak bolar: harytlaryň we hyzmatlaryň öňe sürülmeginiň has täsirli guraly sergi stendi bolup durýar. Sergä gatnaşmak iň häzirki zaman standartlary bolan stendleriň bolmagyny göz öňünde tutýar, şol sebäpli hem her haýsynyň kesgitli maksady we niýetlenilmegi bolan stendleriň dürli görnüşleri bar.

Sergä gatnaşyjynyň kompaniýanyň ýokary üstünlige ýetmegi üçin we mynasyp bäsdeşligi döretmek üçin umumy ekspozisiýanyň gaýtalanmaýan, açyk,  täsirli şekilini döretmäge mümkinçilik berýän netijeli strategiýany işläp taýýarlamak möhümdir.  Şeýle maksatlaryň durmuşa geçirilmegi diňe stendleriň gurluşygy boýunça bar bolan bazaryň teklipleriniň inçeligini bilýän tejribeli ussada başardar. Bu şert ileri tutulýan şert bolup durýar, sebäbi şeýle derejeli hünärmenler köp “suwasty daşlary” bilen tanyşdyr we mümkin bolan meseleleri has oňat öwrenendirler.

Sergi tehnologiýalary dünýäsinde ähli özgermeleri we meýilleri hemişe seljermek bilen, “Täze Bakyş” HJ ýokary netijeleri gazandy we bu çygyrda has netijeli çözgütleri bermek boýunça öňdebaryjylaryň hataryna girdi!

TOP