MAHABAT ÖNÜMI

“Täze Bakyş” HJ 2008-nji ýyldan bäri mahabat we marekting çygrynda öz hyzmatlaryny hödürleýär. Esasy aýratynlygy maketiň dizaýnyny işläp taýýarlamakdan başlap, metaldan, plastikadan, aýnadan we agaçdan çylşyrymly gurluşlary ýygnamak bilen tamamlanýan taslamalaryň durmuşa geçirilmegine toplumlaýyn çemeleşme bolup durýar. Biz mahabat, poligrafiýa we suwenir önümleri çygrynda işleri ýerine ýetirýäris. “Täze Bakyş” kompaniýasynyň has çylşyrymly işleri ýerine ýetirmäge ukyply bolan döwrebap enjamlar bilen doldurylan hususy neçjarçylyk, aýna, neşir ediji we gurnama sehleri bar. Bularyň hemmesi biz öz müşderilerimize hyzmatyň, hiliň ýokary derejesini we işleriň grafiginiň takyk berjaý edilmegini ynam bilen kepillendirmäge mümkinçilik berýär.

2008-nji ýyldan başlap häzirki wagta çenli biziň kompaniýamyz Türkmenistanyň mahabat bazarynda taslamalaryň agramly bölegini ýerine ýetirdi. Biziň häzirki günde müşderilerimiz: PETRONAS CARIGALI (TURKMENISTAN), CNPC, CPE, GAC MARINE, HUAWEY, SHELL, COCA-COLA, IPC AGRI, CLAAS, HK HAZAR, HK YARAW, CAT, CASE, JCB, JOHN DEERE, AMMANN, IVECO, GEDEON RIHTER, BAYER, PROTECH BIOFARMA, DRAGON OIL (TURKMENISTAN) LTD. We köp sanly daşary ýurt we ýerli kompaniýalar, şeýle hem Türkmenistanyň ministrlikleri we pudak edaralary. Döredileni bäri biziň kompaniýamyz özüni ygtybarly we başarjaň hyzmatdaş hökmünde tanatdy. Biziň kompaniýamyzyň hem Türkmenistanda, hem daşary ýurtlarda sergileri guramakda we bezemekde baý tejribesi bar.

2011-nji ýylda biziň kompaniýamyza Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan ýokary ynam bildirildi we Türkmenistanyň çäginden daşarda sergi pawilonlaryny bezemek boýunça aýratyn hukuk berildi. Sergiler Eýranda we Saud Arabystanda geçirildi. Biziň kompaniýamyz tarapyndan ähli halkara standartlaryny berjaý etmek bilen ýokary derejede açar asty işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türkmenistanda sergiler geçirilýän wagtynda biziň bilen birnäçe gerek hyzmatdaşlyk etdi.

Soňky ýyllarda biziň müşderilerimiziň we serginiň myhmanlarynyň ýokary baha bermeklerine mynasyp bolan biziň üstünlikli amala aşyran taslamalarymyz barada sizde garaýyşyň döremegi üçin Size biziň öňki işlerimiziň katalogy bilen tanyşmagy teklip edýäris. Siz bilen mundan beýläk öndürijilikli hyzmatdaşlyga ynam bildirýäris. Biz Siziň islegleriňizi has çalt, ýokary hilli we artykmaç harajatlar bolmazdan kanagatlandyrmak üçin ähli güýçlerimizi aýamarys.

SERGI
STENDLERI

DÜRLI ÖLÇEGLER WE
ŞEKILLI BAÝDAKLAR

DAŞKY
MAHABAT

AWTOULAGYŇ
BEZEGI

ÇÄRELERIŇ
BEZEGI

JAÝLARYŇ
BEZEGI

STUDIÝALARYŇ
BEZEGI

SUWENIR
ÖNÜMI

GIŇ FORMATLY
NEŞIR

TOP