Çäreleriň bezegi

Häzirki zaman işewür durmuşy geňeş-sergi işi bolmazdan göz öňüne getirmek mümkin däl. Maslahatlaryň, forumlaryň, seminarlaryň, togalak stollaryň we gurultaýlaryň guralmagy we geçirilmegi işewürligiň, döwlet dolandyryşynyň, syýasatyň, söwdanyň, maliýäniň islendik çygrynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şeýle çäreleriň täsirliligi diňe bir maksatnamanyň mazmunyna we sowatly guralmagyna bagly bolman, eýsem maslahatlar we forumlar üçin zalyň ýokary hilli bezelmegine hem bagly bolup durýar. Biziň kompaniýamyz toplumlaýyn bezeg we çäreleriň guralmagy bilen meşgullanýar.

Giňişligi döretmek bilen biz interýeri, ssenografiýany işläp taýýarlaýarys, sahnany, podiumlary, tribunalary, wagtlaýyn zolaklary we jaýlary gurýarys, zolaklara bölmegi we nawigasiýany işläp taýýarlaýarys, bezegleri, mebelleri, sungat-obýektlerini, stendleri we standart bolmadyk gurluşlary taýýarlaýarys we bezeýäris.

TOP