biz-barada

“Täze Bakyş” köpugurly önümçilik kompaniýasy Türkmenistanyň bazarynda 2008-nji ýyldan bäri işleýär. Biziň kompaniýamyzyň maksady adamlaryň durmuşyny her günde gowulandyrýan täze pikirleri döretmek bolup durýar.

Biziň iň esasy artykmaçlygymyz biziň döwrümizdäki hyzmatlaryň isleg bildirilýän ugurlarynyň birnäçesiniň sazlaşykly utgaşmagydyr:

- aýnanyň, ýüz görülýän aýnanyň, metalyň işläp tayarlanmagy işlenmegi we olardan gurluşlaryň we önümleriň taýýarlanmagy;

- wizitkalardan başlap, sergi stendlerine, suwenir önümlerine we çylşyrymly mahabat gurluşlaryna çenli giň çäkde mahabat we poligrafik hyzmatlary;

- buýurma boýunça mebeliň taýýarlanylmagy (ýatalgalar, aşhanalar, girelgeler, çaga mebelleri, söwda enjamlary, otagara gapylar we beýlekiler)

- mahabat, poligrafiýa we interýer çygrynda dizaýnerçilik işleriniň ähli görnüşleri;

Biz önümçiligiň doly tapgyryny amala aşyrýarys, onuň kömegi bilen öndürilýän önümiň möhletleri we hili hemişe ýokarydyr. Biziň kompaniýamyzyň işi Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ygtyýarnamalary we sertifikat bilen tassyklanandyr. Biziň kompaniýamyzyň Türkmenistanyň çäginden daşarda işlemekde hem uly tejribesi bar. Biri-biriniň üstüni sazlaşykly doldurýan hyzmatlaryň giň ugurlary, Aşgabat şäherinde 1000 i/m uly täsirli önümçilik gory, häzirki zaman enjamlar, ýokary hünär derejeli hünärmenler, her bir müşderä aýratyn çemeleşme, bularyň hemmesi bize hyzmatlarymyzy üstünlikli amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Biz üçin iň oňat mahabat ýerine ýetirilen işe göwni ýeten müşderiler bolup durýar. Biziň buýrujylarymyzyň sanawynda adaty raýatlardan başga hem döwlet guramalary we täjirçilik gurluşlarynyň wekilleri hem bar.

TOP